Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Himki tokaýlygynyň üstünden ýol gurmaklyk karar edildi


Düýn Orsýetiň hökümeti köpsanly protestlere garamazdan, Moskwanyň etegindäki Himki tokaýlygynyň üstünden esasy transport magistralyny geçirmegi karar etdi. Bu magistral Moskwadan Sankt-Peterburga çenli uzalar.

Düýn Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Sergeý Iwanow “ähli faktorlary göz öňünde tutup” bu magistralyň gurluşygyny hökümet komissiýasynyň kabul edendigini aýan etdi.

"Biz esasy transport magistralynyň gurluşygy bilen bagly her bir meselä örän obýektiw çemeleşmäge çalyşdyk. Şeýle-de, biz daşky gurşaw meselelerine içgin seretdik. Şu günki kabul edilen goşmaça karar ekoligiýany goramaklygy, goşmaça baglaryň oturdylmagyny we magistarilyň 8 kilometriniň dowamynda ýolýaka infrastrukturalaryň gurulmazlygyny öz içine alýar” diýip, Sergeý Iwanow belledi.

Şeýle-de, Iwanow Himki tokaýlygyna ýetjek ekologiki zyýanyň öwezini dolmak üçin 100-130 million dollaryň goýberiljekdigini aýtdy.

Şu ýylyň başynda prezident Medwedew köpsanly protestler sebäpli bu esasy transport magistralynyň gurluşygyny togtadypdy. Iwanow häzir hem bu mesele bilen baglylykda soňky sözüň prezident Medwedewe degişlidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG