Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Hindistana resmi sapar edýär


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Hindistana resmi sapary başlandy.

Bu saparyň dowamynda eýýäm ençeme ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol goýuldy. Şol sanda, harby uçarlaryň täze nesliniň bilelikdäki proýektini düzmek we ösdürmek boýunça ylalaşyga hem gol çekildi.

Hindistanyň premýer-minstri Manmohan Singh prezident Medwedew bilen geçiren gepleşiklerinden soňra, şeýle diýdi: “Biz köp pudaklary öz içine alýan ençeme wajyp ylalaşyklara gol goýduk. Bu biziň goranmak we ýadro pudaklarymyzdaky hyzmatdaşlyklardan başga-da, beýleki pudaklarda-da hyzmatdyşlygy ösdürmek boýunça özara islegimizi nygtaýar”.

Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik agzasy bolmak üçin Orsýetiň goldawyny gazanmak ugrunda tagalla görkezjekdigi çaklanýardy. Şu mesele bilen baglylykda Hindistan geçen aý Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň goldawyny gazanmagy başarypdy.
XS
SM
MD
LG