Düýn Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwada Ikinji Jahan urşunyň weteranlarynyň hormatyna gurlan täze ýadygärligi açdy. Moskwadaky bu ýadygärlik 2008-nji ýylda Orsýet-Gürjüstan urşunyň yzýany Gürjüstanyň hökümetiniň karary bilen Gürjüstanda ýykylan ýadygärligiň “öwezine” diýlip guruldy.
Onuň Moskwadaky açylyş dabarasynda eden çykyşynda Wladimir Putin Gürjüstandaky ýadygärligiň weýran edilmegini “masgaraçylykly wagşylyk akty” diýip atlandyrdy.
Şol dabara Gürjüstanyň oppozisiýa liderleri Nino Burjanidze we Zurab Nogaideli hem gatnaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, Gürjüstanyň Daşary işler minsitrliginiň metbugat wekili Nino Kalandadze şeýle ýadygärligiň Moskwada açylmagyny “hamana, Gürjüstanyň ikinji jahan urşunda ölenlere hormat goýmaýandygyny jemgyýetçilige ynandyrmaga synanyşyk” diýip atlandyrdy.