Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H.Klinton Hodorkowskiý barada suduň kararyny tankyt etdi


Düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton orsýetli öňki biznesmen Mihail Hodorkowskiý barada Moskwanyň sudunyň çykaran kararynyň bu ýurduň halkara abraýyna we biznes klimatyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, muny tankyt etdi.

Işi ýatyrylan Ýukos nebit kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Mihail Hodorkowskiniň işi barada düýn sudda ikinji diňlenişik geçirildi.

Hillari Klinton bu barada ýayradan beýanatynda prezident Medwedewe ýüzlenip, ony ýurtda adalat systemasynyň garaşsyzlygyna hormat goýlar ýaly ýagdaýy döretmäge çagyrdy.

Mundan ozal Germaniýanyň adam hukuklary boýunça komissary Markus Loen we halkara “Amnesty International” guramasy hem M.Hodorkowskiý baradaky suduň kararyny tankyt edipdilr.

Moskwanyň sudunda geçirilen düýnki diňlenişikde sudýa Mihail Hodorkowskini we onuň biznes partnýory Platon Lebedewi bikanun pul ýuwuşlykda günäli diýip tapdy. Suduň gutarnykly hökümi indi yglan edilmeli.
XS
SM
MD
LG