Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür partlamada daşary ýurt güýçlerini güman edýär


Düýn Müsüriň häkimiýetleri Täze ýyl agşamsy ýurduň Aleksandriýa şäherindäki hristian keliselerinden biriniň ýanynda amala aşyrylan bomba partlamasy bilen baglanyşykly 7 adamy soraga çekdi.

Aleksandriýa şäherindäki katolik keliselerinden biriniň öňünde amala aşyrylan güýçli bomba partlamasynda 21 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Müsüriň hökümet resmileri bu wakanyň aňyrsynda daşary ýurtly güýçleriň eli bardyr diýip çaklamak üçin alamatlaryň bardygyny aýdýarlar. Şeýle hem, bu bomba partlamasy janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandyr diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG