Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Altyn Asyryň “altyn jaňlary”


“Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we MTS kompaniýasynyň arasynda her bäş ýyldan baglaşylmaly şertnama boýunça türkmen tarapy anyk täze tekliplerini hem bermedi” diýip, MTS öz beýanatynda ýazýar.
“Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we MTS kompaniýasynyň arasynda her bäş ýyldan baglaşylmaly şertnama boýunça türkmen tarapy anyk täze tekliplerini hem bermedi” diýip, MTS öz beýanatynda ýazýar.
Geçen aý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany dünýä açmak, halkara žurnalistler we syýasatşynaslar merkezini döretmek hakynda manyly gürrüň eden-de bolsa, ondan soň MTS kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň arasynda turan biznes konflikti barada türkmen graždanlaryna resmi derejede hatda habaram berilmedi.

Halkara metbugatynda bu jedelli konfliktiň sebäpleri doly beýan edilenden soň, näme üçindir oňa jogap hökmünde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine derek Daşary işler ministrligi metbugat beýanaty bilen çykyş etdi. Aýry-aýry döwletlere degişli korporatiw taraplaryň arasynda konflikt dörände, oňa haýsy-da bolsa bir tarapyň Daşary işler ministrliginiň goşulmagy dörän ýagdaýy syýasylaşdyrýar, oňa pozitiwlik goşmaýar. Bu ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak soňra iki tarapyň döwlet ýolbaşçylarynyň üstüne düşýär. Eger-de şeýle konfliktler syýasylaşdyrylsa, onda daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatyny alýan hökümet dünýä derejesindäki ykdysady abraýyny gaçyrýar.

MTS kompaniýasy bilen başlanan bu jedelli konflikt eýýäm Türkmenistanyň ykdysady pozisiýasyny halkara görkezijilerde aşak düşürdi. Türkmen hökümeti bilen işleşjek daşary ýurt kompaniýalary üçin töwekgelçilik döredi. Sebäbi bir ýurtda işlemek üçin daşyndan gelen kompaniýa hökümetden rugsat alandan soň, tä onuň möhleti gutarýança olaryň işlerini togtatmak bolmaýar. Eger-de olar döwletiň hereket edýän kanunlaryna garşy gitmese, ýa-da onuň düzgünlerini bozmasa, onda olara hiç hili päsgelçilik döredilmeýär. Ýurda daşyndan maýa getirip ýatyrjak we işlejek kompaniýalara döwlet tarapyndan bu meselede kepil geçilýär.

“Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we MTS kompaniýasynyň arasynda her bäş ýyldan baglaşylmaly şertnama boýunça türkmen tarapy anyk täze tekliplerini hem bermedi” diýip, MTS öz beýanatynda ýazýar.

Kerwen yza döndi…

Sanlyja günüň dowamynda aragatnaşygyň kesilmegi bu hyzmata uýgunlaşan adamlarda uly kynçylyk döretdi. Tassyklanmadyk käbir maglumatlara görä, MTS kompaniýasy aragatnaşygyň togtadylmagy zerarly 600 million amerikan dollaryny ýitiripdir.

Elbetde, türkmen hökümeti bu konfliktiň ula gitjegini duýan hem däldir. Sebäbi Aragatnaşyk ministrligi bu hereketi bilen öz hasabyna ummasyz pullaryň geljegini görensoň, onuň yzyndan turjak jedeliň döwlet edarasynyň bähbidine çözüljegine ynanandyr. Şeýle ýagdaý Merkezi Aziýa döwletleriniň köpüsine mahsus. Bu döwletlerde hökümetiň teklibi ýalňyş hem bolsa, öz ýurtlarynda ony dogry hasaplamaga endik edilipdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz ýaýradan beýanatynda bu konfliktde türkmen tarapynyň dogry hereket edendigini, kanunyň olaryň tarapyndadygyny belläp geçýär. Şol beýanatda DIM MTS-iň hemme müşderlerine hyzmat etmäge Türkmenistanyň “Altyn Asyr” mobil operatorynyň doly güýjüniň bardygyny aýdýar. Emma müşderiler “Altyn Asyr” operatorynyň hyzmatyndan nägile.

MTS-iň ýapylmagy Türkmenistanyň hemme ýerlerinde “Altyn Asyryň” belgilerini alamaga gelen adamlardan ýaňa uzyn-uzyn nobatlaryň döremegine getirdi. Ol nobatlar daşyndan 1990-njy ýyllaryň çörek nobatyny ýada salýar. Ýagdaýdan peýdalanyp, “Altyn Asyryň” işgärleri kä ýerlerde bir SIM kartany 100 amerikan dollaryndan satdylar.

“Altyn Asyryň” jaňlary, onuň berýän hyzmatlary öňki ýagdaýyndan has pese gaçdy, mobil telefony ulanmak gaty kynlaşdy. Bir belgini almak üçin ony 3-4 gezek täzeden aýlamaly. Eger-de SMS iberseň, onda ol bir günüň dowamynda barýar.

Ine, sanlyja günüň dowamynda Türkmenistanyň aragatnaşyk infrastrukturasy 10 ýyl yza, 2000-nji ýyldaky keşbine dolanyp geldi. Hemmeler öňe ýörese, biziň kerwenimiz yza gönükdi. Bu ýerde begenere zat ýok.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG