Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde Boris Nemsowyň tussag edilmegi ýazgarylýar


Duşenbe güni Orsýetiň oppozisiýa wekilleri we beýleki görnükli adamlary Kremliň alyp barýan syýasatynyň tankytçysy Boris Nemsowyň tussag edilmegini ýazgardylar.

Orsýetiň ozalky premýer-ministriniň orunbasary we häzir oppozisiýa liderlik edýän Boris Nemsow Täze ýyl agşamy Moskwanyň merkezinde resmi taýdan rugsat berilmedik ýerde demonstrasiýa geçirenlikde aýyplanyp, 15 gün tussaglyga höküm edilipdi.

"Olar özleriniň gorkýandyklaryny, howatyrlanýandyklaryny, ýalançydyklaryny we satlykdyklaryny görkezdiler” diýip, Boris Nemsow Täze ýyl agşamy geçirlen demonstrasiýada Orsýetiň hökümeti barada aýtdy.

Bu wakada jemi 68 adamyň tussag edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG