Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň ýolagçy uçarynda terror howpy bilen haýbat atyldy


Öten agşam Oslodan Stambula uçup barýan Türk howa ýollaryna degişli uçarda bir ýolagçy bomba partlatmak haýbatyny atyp, dartgynly ýagdaý döretdi.

Maglumata görä, asly türkiýeli bu ýolagçy üçaryň Oslo tarap yzyna dolanmagyny talap edipdir. Ýöne pilotlaryň ýerleşýän kabinasyna tarap geçmekçi bolanda, onuň ýolagçylar tarapyndan saklanandygy we zyýansyzlandyrylandygy habar berilýär.

Maglumata gorä, bu ýolagçynyň döreden başagaýlygyna garamazdan, uçar hiç hili howp-hatarsyz Stambulyň aeroportyna gonupdyr. Şol ýerde-de bomba partlatmak haýbatyny atan bu ýolagçynyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi habar berilýär.

Onuň «bomba» diýip atlandyran zadynyň hem toslama enjam bolup çykandygy aýdylýar. Ýöne bu ýolagçynyň uçary yzyna dolamakdan maksadynyň näme bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG