Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obamanyň metbugat sekretary wezipesinden gidýär


Düýn prezident Barak Obamanyň metbugat sekretary Robert Gibbs özüniň bu wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Robert Gibbs öz bu wezipesinden fewral aýynyň başynda resmi ýagdaýda gitjekdigini aýtdy.

Ol özüniň metbugat sekratarlygy wezipesiniň daşyndan Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň iň bir ýakyň maslahatçylaryndan hem biri diýlip hem hasaplanylýar.

Robert Gibbs öz wezipesinden çekilenden soň, Barak Obamynyň 2012-nji ýyldaky prezidentlik kampaniýasyna taýýarlyk işleri bilen meşgullanjakdygyny aýtdy. Indi Barak Obamynyň metbugat sekretary wezipesine Robert Gibbsiň orunbasarlaryndan biri geçer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG