Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki ukrain ministri Çehiýadan syýasy başpena aldy


Gulluk wezipesinden galp peýdalanmakda aýyplanyp, Ukrainada garşysyna jenaýat işi gozgalan Ukrainanyň öňki ykdysadyýet ministri Bogdan Danilişin Çehiýadan syýasy başpena aldy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna Danilişiniň aklawçysy habar berdi. Çehiýanyň Içeri işler ministrliginde bu informasiýany tassykladylar.

Danilişin Interpolyň talapy bilen geçen ýylyň oktýabrynda Çehiýada saklanypdy. Kiýew onuň özüne berilmegi üçin alada etdi. Ýöne indi ol azatlyga çykarylar.

Soňky günler Ukrainada öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň kabinet agzalaryndan birnäçesiniň garşysyna jenaýat işi gozgaldy. Oppozisiýa olaryň syýasy äheňler bilen yzarlanýandyklaryny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG