Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň premýeri Berluskoniniň üstünden derňew geçirilýär


Anna güni Italiýanyň prokurorlary ýurduň häzirki premýer-ministri Silwio Berluskoniniň üstünden prostitusiýa işi boýunça derňewiň geçirilýändigini tassykladylar.

Derňewlere degişli bolan döwürde kämillik ýaşyna ýetmedik morokkoly gyzyň hem işine garalýandygy aýdylýar.

Italiýanyň mediasynyň habar bermegine görä, ogurlykda aýyplanyp, tussag edilen gyzyň goýberilmegi boýunça Berluskoniniň polisiýa bikanun basyş edip-etmänligi hem barlanýar.

Karima el-Mahrugyň meselesi bir aý mundan öň köpçülige aýan bolupdy. Tussag edilmezinden öň Berluskoniniň willasynda bolan bu gyzy boşatmagy üçin Berluskoni polisiýa ýüz tutupdyr.

Emma, 74 ýaşly Berluskoniniň aýtmagyna görä, ol syýasy matlap bilen edilýän oýunlaryň pidasy bolupdyr.
XS
SM
MD
LG