Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran özüniň iki ýadro merkezine diplomatlary çagyrýar


Şenbe güni Eýranyň hökümeti öz ýadro merkezlerinden ikisiniň halkara diplomatlarynyň sapar etmekleri üçin açykdygyny yglan etdi.

Emma dünýäniň ösen döwletleriniň wekilleri Eýranyň bu ýadro merkezlerine sapar etmekden ýüz öwürdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri munuň sebäbini ol gürrüňi edilýän ýadro merkezlerine diplomatlaryň däl-de, Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro meselesi boýunça inspektorlarynyň sapar etmelidikleri bilen düşündirdiler.

Şu aýyň ahyrynda dünýäniň ösen döwletleriniň altysy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat bölüminiň başlygy Katrin Aştonyň ýolbaşçylygynda Türkiýede Eýranyň resmileri bilen bu ýurduň ýadro programmasy bilen bagly meseleler boýunça ýörite gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG