Geçen ýylyň aprel aýynda Smolenskiniň eteginde ýere gaçan Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiniň uçar ekipažy bilen ýerdäki dispetçerleriň gepleşikleriniň ähli ýazgysy Halkara awiasiýa komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi.
Tehniki komissiýanyň başlygy Alekseý Morozow bolan betbagtçylyk barada jemgyýetçilige obýektiw maglumat bermek üçin bu işiň edilendigini aýtdy.
Düýn Warşawada bolan metbugat konferensiýada Polşanyň içeri işler ministri Ýeži Miller “polýak ekspertleriniň pikiriçe, ýere gaçyp heläk bolan TU-154 uçarynyň pilotlaryna uçaryň uçup barýan beýikligi we ugry barada dispetçerler nätakyk maglumat beripdirler” diýdi.
Geçen hepde Halkara awiasiýa komiteti ors spesialistleriň gelen netijelerini aýan etdi, onda betbagçylyk üçin esasy jogapkärçilik ýaramaz howa şertlerinde uçary gondurmaga synanyşyk eden ekipažyň üstüne ýüklenýär.