Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeşde Nobel baýragynyň eýesi sud ediler


Bangladeşde parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Muhammet Ýunusynyň sud işi boýunça diňlenişik onuň özi bolmazdan geçiriler. Düýn şeýle karar kabul edildi.

Töhmet atmakda aýyplanýan Ýunusynyň tussag edilmändigi, onuň girew bilen goýberlendigi habar berilýär. Işiniň köpdügi üçin onuň diňlenişige gatnaşyp bilmejekdigini sud edilýäniň aklawçylary habar berdi.

Muhammet Ýunusy garyplyga garşy göreş tagallalary üçin 2006-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolupdy.

“Bangladeşde çinownikleriň köpüsini diňe pul we şahsy bähbidi gyzyklandyrýar”diýip, Frans-press agentligine interwýu berensoň ony bir çinownik suda berdi.
XS
SM
MD
LG