Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýewiň ýegeniniň apelýasiýasy ret edildi


Gyrgyz sudy häkimiýetden agdarylan prezident Kurmanbek Bakyýewiň ýegeniniň özüne 10 ýyl türme tussaglygynyň berilmegine garşy apelýasiýasyny ret etdi.

Ol geçen ýyl ýurduň günortasynda bolan bidüzgünçiliklere dahyllylykda aýyplandy.

Sişenbe güni Çuý welaýatynyň sudy Sanjar Bakyýewiň we başgada dört adamyň apelýasiýasyna seretdi.

Geçen ýylyň 2-nji noýabrynda Sanjar Bakyýew maý aýynda Jalalabadda bolan adam ýitgili bidüzgünçiliklere gatnaşygy barlykda aýyplandy.

Geçen hepde Çuý welaýatynyň prokurory Sanjar Bakyýewiň türme möhletini 25 ýyla ýetirmegi talap etdi.
XS
SM
MD
LG