Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak parlamenti konstitusion üýtgetmeleri kabul etdi


Gazagystanyň parlamenti prezident Nursoltan Nazarbaýewe möhletinden öň prezidentlik saýlawlaryny geçirmäge mümkinçilik berjek konstitusion üýtgetmeleri kabul etdi.

Duşenbe güni Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça milli referendumy geçirmegi ret etdi. Şeýle-de ol wagtyndan öň prezidentlik saýlawlaryny geçirjekdigini hem mäilm etdi.

Çarşenbe güni geçirilen gizlin ses berişlikde Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek teklibini Gazagystanyň parlamentiniň iki palatasy hem goldady. Indi munuň güýje girmegi üçin prezident Nazarbaýewiň gol goýmagy zerur.

70 ýaşly Nazarbaýew Gazgystanyň ilkinji prezidenti bolup, ol ýurda 20 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýär.
XS
SM
MD
LG