Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Eýranyň medeni günleriniň açylyşy boldy


Sişenbe güni Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeni günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bu dabara Türkmenistanyň we Eýranyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Eýranyň wise-prezidenti Hamid Begaýi hem gatnaşdy.

Sişenbe güni bu dabaranyň gurnalan ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Eýranyň çeperçilik we el hünärleri boýunça sungat işleriniň sergisi-de açyldy.

Mundan daşary, düýn Aşgabatdaky «Watan» kino-konsert merkezinde Eýranyň milli folklor toparlarynyň çykyşlary-da görkezildi.

Eýranyň Türkmenistandaky medeni günleriniň dowamynda eýranly kino režisýorlarynyň filmleriniň hem görkeziljekdigi habar berilýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeni günleri 11-nji fewrala çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG