Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan bilen Hindistan gepleşiklere täzeden başlamakçy


Pakistan bilen Hindistan giň gerimli resmi gepleşikleri täzeden başlatmaga ylalaşdylar.

Hindistan bu gepleşikleri 2008-nji ýyldaky Mumbai şäherinde amala aşyrlan terroristik hüjüminden soň terk edipdi.

Gepleşikleri täzeden başlatmak baradaky bilelikdäki beýanat penşenbe güni Yslamabatda we Nýu-Delide garaşylmadyk ýagdaýda aýan edildi.

Gepleşikleriň dowamynda terrorizme garşy göreş, gumanitar, pahatçylyk we uruş, şeýle-de serhet, şol sanda dawaly Kaşmir regiony boýunça maslahat ediler.

Hindistan pakistanly hüjümçileri Mumbai şäherindäki hüjümi amala aşyrmakda aýyplapdy. Bu hüjümde 166 adam öldi.
XS
SM
MD
LG