Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda günä geçişlik yglan edildi


Ministrler Kabinetiniň 18-nji fewralda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilenleriň bir toparynyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Bu günä geçişlik Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli yglan edildi.

Prezident hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen raýatlaryň ählisini jeza çärelerini çekýän ýerlerinden wagtynda boşatmagy we olaryň baýramçylyk günlerini öz maşgalalarynyň arasynda geçirmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen metbugaty günäsi geçilenleriň sany barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG