Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen paýtagty Aşgabatda Gün diňi gurlar


22-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky gurluşyk obýektlerine aýlandy. Ol ozaly bilen Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň gurýan binasyna bardy.

Kompaniýanyň baş direktory Mişel Oşe döwlet baştutanynyň görkezmesi bilen taýýarlanan täze proýektleri görkezdi. Şolaryň arasynda Türkmenistanynyň Adalat ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, täze myhmanhananyň binalary bar.

Mundan hem başga prezident täze, özboluşly Gün diňiniň proýekti bilen tanyşdy. Diňde gün energiýasy bilen ýagtylandyrýan sistema oturdylar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG