Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Yrak ilata edilýän jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmakçy


Yrakda geçirilen protest çykyşlarynyň yzy bilen şu gün Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki ilata edilýän jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin öz ministrlerine 100 gün möhlet berdi.

Şu geçen hepdäniň anna güni Yragyň birnäçe şäherinde geçirilen demonstrasiýalarda protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar. Wakalarda azyndan 14 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Oppozisiýa toparlary 4-nji martda Yragyň parlament saýlawlarynyň bir ýyllygyna gabatlap ýene-de protest demonstrasiýalarynyň geçiriljekdigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG