Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arap Ligasy Liwiýadaky ýagdaýlar barada maslahat eder


Arab Ligasyna girýän döwletleriň daşary işler ministrleri anna güni Liwiýadaky ýagdaýlar bilen bagly gyssagly maslahat geçirerler.

Şeýle-de sişenbe güni Yslam Konferensiýasy Guramasy Liwiýanyň üstünden uçuş gadaganlygyny girizmek baradaky halkara çagyryşlaryna goşuldy. Bu çäre Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň gozgalaňçylara garşy howa hüjümlerini amala aşyrmagyna garşylyk hökmünde edilýär.

“Biz Howpsuzlyk Geňeşiniň munuň bilen bagly öz borjuny berjaý etmegine çagyryş edýäris” diýip, Yslam Konfereniýasy Guramasynyň Baş sekretary Ekmeleddin Ihsanoglu Saud Arabystanyň Jeddah şäherinde çykyş etdi.

Fransiýa hem Britaniýa Birleşen Miletler Guramasynyň Liwiýanyň üstünden uçuş gadaganlygyny girizmegine çagyryş edýär.

Sişenbe güni Kaddafiniň hökümet goşunlary nobatdaky gezek Ras Lanuf nebit portuna howa hüjümlerini amala aşyrdylar.
XS
SM
MD
LG