Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türk-ermeni dostluk ýadygärligini ýykmak planyny togtatdy


Sişenbe güni Türkiýäniň Erzurum regionynyň sudy Türkiýe bilen Ermenistanyň dostlugynyň hormatyna gurlan ýadygärligi ýykmak barada göz öňünde tutulýan plany togtatmalydygy barada karar çykardy.

Geçen aý bu ýadygärligiň ýerleşýän ýeri bolan Kars şäheriniň şäher geňeşi türk-ermeni dostlugynyň hatyrasyna bu şäherde dikilen ýadygärligi ýykmak barada karar kabul edipdi.

«Anadoly» habar agentligi bu kararyň premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan hem goldanandygyny habar berýär.

Beýikligi 30 metr bolan bu ýadygärligiň düýbi 2006-njy ýylda tutulypdy.
XS
SM
MD
LG