Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow «Awazadaky» işleriň barşy bilen tanyşdy


Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna sapar edip, ol ýerde «Awaza» milli turistik zonasyndaky işleriň barşy bilen ýakyndan tanyşdy.

«Awaza» milli turistik zonasyndaky işleriň barşy barada bu milli turistik zona boýunça Komitetiň başlygy we Balkan welaýatynyň häkimi prezident G. Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Berdimuhamedow ministrlikler we dürli kärhanalar üçin niýetlenilip gurulýan myhmanhalardan daşary, ýurduň bäş welaýaty üçin niýetlenilip gurulmagy göz öňünde tutulýan aýry-aýry dynç alyş merkezleriniň proýektleri bilen-de ýakyndan tanyşdy.

Döwlet lideri bu bäş dynç alyş merkeziniň arhitektura we dizaýn taýdan biri-birlerinden tapawutlanmalydyklaryny belledi.
XS
SM
MD
LG