Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan ilçihanasy zenanlar üçin Internet hepdeligini geçirýär


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylmagyna görä, ilçihana mart aýynyń 14-18-i aralygynda “Zenanlar üçin ilkinji gezek Internetde işläp görmek” hepdeligini geçirýär.

Bu çäräniň dowamynda Internet ulanyp görmedik aýallar we gyzlar bu ulgam bilen tanyşarlar.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Bredleý Maguieriň bellemegine görä, bu çärä duşenbe güni 50-60 töweregi adam gatnaşypdyr.

Programma gatnaşýanlaryň arasynda mekdepleriň ýokary klas okuwçylarynyň, ýagny 15-16 ýaşly gyzlaryň, 50-60 ýaş aralygyndaky zenanlaryň hem bardygyny Maguier sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG