Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki azeri žurnalisti prezidente hat ýollady


Žurnalist Eýnulla Fatullaýew
Žurnalist Eýnulla Fatullaýew
“Gündelik Azerbaýjan” gazetiniň türmä basylan öňki baş redaktory Eýnulla Fatullaýew prezident Ylham Aliýewe hat ýollady we özüniň boşadyljakdygyna umyt edýändigni bildirdi.

Fatullaýewiň aklawçysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, žurnalist prezidenti öz işi bilen bagly ýagdaýlara goşulmaga çagyrdy we eger öz işi göni prezidentiň gözegçiliginde bolsa, onda boşadyljakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Ýakynda Ýewropa Geňeşiniň ýörite komiteti Azerbaýjanyň häkimiýetlerini Fatullaýewi türmeden boşatmagyň ähli ýollaryna garamaga çagyrdy.

Žurnalistiň atasy Emin Fatullaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, entek bu işe prezident goşulýança, şeýle çagyryşlar netije bermez.

Prezidentiň ýanyndaky günä geçiş boýunça komissiýadan Zalimhan Ýakub komissiýanyň nobatdaky maslahatynyň güni belli däl diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Fatullaýew 2007-nji ýylda dürli jenaýatlarda aýyplanyp, 8,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma žurnalist bildirilen aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG