Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Klinton Kairdäki Tahrir meýdançasyna baryp gördi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Müsüriň paýtagty Kairdäki Tahrir meýdançasyna baryp gördi.

Tahrir meýdançasy ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegine getiren protestleriň merkezi bolupdy.

Hillary Klinton Müsüre iki günlük sapar bilen geldi. Bu Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň, Birleşen Ştatlarynyň ýokary derejeli resmisiniň Müsüre edýän ilkinji saparydyr.

Çarşenbe güni Döwlet sekretary Tunise barar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG