Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Taryk Aziz ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi


Yragyň Ýokary sudy öňki premýer-ministriň orunbasary Taryk Azizi ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Ol 80-nji ýyllarda şaýy syýasatçylaryň öldürilmegine gatnaşanlykda aýyplandy.

Geçen ýylyň oktýabrynda Taryk Aziz “bilkastlaýyn adam öldürmede we adamzada garşy jenaýatlarda” aýyplanyp, iň ýokary jeza höküm edilipdi. Emma Watikan, Ýewropa Bileleşigi we käbir Ýewropa ýurtlary agyr keseldigi aýdylýan Taryk Aziziň jezasynyň ýumşadylmagyna çagyryş edipdiler.

Yragyň prezidenti Jalal Talabani oňa ölüm jezasynyň berilmegi baradaky karara hiç wagt gol goýmajakdygyny aýtdy.

Yragyň hristian jemgyýetiniň agzasy bolan Taryk Aziz öňki diktator Saddam Huseýniň iň ýakyn syýasy ýaranlarynyň biridi.
XS
SM
MD
LG