Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende generallar, diplomatlar protestçileriň tarapyna geçýär


Ýemeniň paýtagty Sanada duşenbe güni goşunlar tanklarda we bronetransportýorlarda esasy pozisiýalary eýelediler.

Şol bir wagtda-da generallar, diplomatlar, taýpalaryň liderleri protestçileriň tarapyna geçdiler.

Protestçiler 32 ýyl bäri döwlet baştutany bolup oturan Ali Abdullah Salehiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Ak Tam Sanada zorluk aktlaryna ýol berilmeli däldigini duýdurdy.

Şol bir wagtda-da Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žýupe: “Saleha gep-gürrüňsiz wezipäni terk etmek garaşýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG