Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk günündäki başagaýlyklar


Nowruz baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk, 21-nji mart 2011-nji ýyl.
Nowruz baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk, 21-nji mart 2011-nji ýyl.
Türkmenistanda 21-22-nji martda Milli bahar baýramy bellenilip geçildi. Eger 19-20-nji mart günleriniň şenbe-ýekşenbe günlerine düşendigini nazar alsaň, onda ýurduň raýatlary bassyr dört gün dynç alyşda boldy diýläýjek ýaly.

Emma bu dynç alyş günleri düýbünden başgaça häsiýetde geçdi. Çöregini özbaşyna gazanýan raýatlar-a şol öňküsi ýaly, şenbe-ýekşenbe günlerem, Milli bahar baýramy günlerem gazanç ýolunda gezdiler. Býujetden aýlyk alýanlar bolsa ýene öňküje jebir-jepalaryny çekmeli boldular. Dogrusyny aýtsaň, Milli bahar baýramy olaryň burnundan getirildi diýseň has jüpüne düşjek.

Býujetden aýlyk alýanlar üç günläp — 20-21-22-nji mart günlerinde «Serdaryň saglyk ýolundan» geçmäge mejbur edildi. «Saglyk ýoluna» münmek üçin daňdan sagat altyda edarada bolmaly. Sagat alta edara barmak üçin öýden daňdan sagat bäşde gitmeli. Öýden daňdan sagat bäşde çykyp gitmek üçin dörtde ukudan oýanyp, ýuwnup-ardynmaly, geýinmeli, daranmaly.

«Saglyk ýoluny» geçmekden başga, diňe Milli bahar baýramy güni 20-den gowrak çärä gatnaşmak bellenildi.
Aýalmy-erkekmi, tapawudy ýok. Ýaşmy-garrymy, çagalymy-çagasyzmy, keselmi-sagmy, göwrelimi, ýaş gelinmi, kim bolsa-şol bolsun, hökümet edarasynda işläp, aýlyk alýanlaryň ählisi «Saglyk ýoluna» münäýmeli, ýagny sekiz kilometrlik ýoly ýokaryk dyrmaşyp, aşak ylgap geçäýmeli. «Saglyk ýoluna» gitmäge garşy bolýanlar — hökümetiň syýasatyna garşy adamlar hasaplanýar. Hökümetiň syýasatyna garşylara bolsa hökümet edaralaryndan iş berilmeýär.

Dynç günleri çagalar bagy işlemeýär. Daňdan bäşde bolsa awtobuslar ýöremeýär. «Saglyk ýoluna» gitmeli eneleriň daňdan sagat bäşde çagalaryny kime goýmalydygy hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Awtobusyň ýerine bolsa taksä münmeli.

«Saglyk ýoluny» geçmekden başga, diňe Milli bahar baýramy güni 20-den gowrak çärä gatnaşmak bellenildi. Býujet edaralarynda işleýänler, talyplar şol günler «Ylham» seýilgähindäki, Döwlet sirkiniň öňündäki konsertlere we başga-da birnäçe çärelere sürüldiler.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG