Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inçekesel meselesi çözülenok


Çoganly posýologyndaky Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi
Çoganly posýologyndaky Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi

Her ýylyň 24-nji martynda bütin dünýäniň ýüzünde inçekesele garşy göreş güni bellenilýär. Bu sene bilen bagly Türkmenistanyň mediasynda hem ýerli lukmanlar çykyş edýärler. Öz çykyşlarynda lukmanlar bu kesele garşy göreşde ýurtda düýpli çäreleriň alnyp barylýandygy barada aýdýarlar.


Ýurduň ideologiýasy tarapyndan inçekesel babatda ähli işleriň göwnejaý alnyp barylýandygy öňe sürülse-de, Türkmenistanda ynsan üçin juda howply bolan bu kesele garşy göreş çärelerine harsal garalýana meňzeýär.

2003-nji ýylyň ahyrynda bir milliona golaý ilaty bolan Aşgabatda inçekesel hassahanasynyň ýapylyp, onuň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Duşak şäherçesine göçürilmegi inçekeseliň paýtagtda juda köp ýaýramagyna getirdi. Sebäbi paýtagtdan 200 kilometr daşlykda ýerleşýän Duşak şäherçesine gidip bejerilmekden Aşgabadyň köp ýaşaýjylary ýüz öwürdiler.

Näme üçin?

Munuň birinji sebäbi hassahananyň ýerleşýän ýeriniň juda uzakda bolmagy, ikinji sebäbi bolsa ol ýerde bejerginiň göwne makul bolmazlygydyr. Duşak şäherçesine iberilen paýtagtly hassalar ol ýerde uzak eglänmän, yzyna gaýdyp gelýärler. Netijede bolsa olaryň keseli ötüşip, organizmlerinde antibiotiklere has durnukly inçekesel bakteriýalarynyň döremegine sebäp bolýar. Şeýle hassalar daş-töwerege juda howp salýarlar.

Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtyň eteginde ýerleşýän Çoganly posýologynda ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti açylypdy. Şol hassahanalar toplumynda 60 orunlyk Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkezi hem işe girizildi.

Paýtagtda ýaýraýan inçekesele garşy göreşde täze açylan merkeziň uly ýardam etjegine köpler umyt baglapdylar. Emma hassahanalar toplumynyň açylyş dabarasynda ýurt baştutanynyň beren görkezmesi lukmanlary juda kyn ýagdaýa saldy. Prezident täze açylan Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkezine açyk görnüşdäki inçekesellileriň getirilmeli däldigini lukmanlara tabşyrdy. Açyk inçekeselli hassalar diňe Duşak şäherçesindäki hassahanada bejergi almaly diýip, döwlet baştutany görkezme beripdi.

DOTS

2003-nji ýyldan bäri inçekesele garşy Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň işläp düzen DOTS programmasy boýunça işlenilýär. DOTS (Directly Observed Treatment Strategy) — bu Ambulatoriýa terapiýasynyň tizleşdirilen kursy diýmekdir. DOTS programmasy hassalary bejermekde kän serişdäni talap etmeýär. Inçekeseliň açyk görnüşi bilen kesellän hassalar iki aý hassahanada ýatyrylyp, intensiw bejergi alýarlar. Şondan soň olar dört aýlap maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bejergilerini dowam etdirýärler.

Açyk görnüşdäki inçekeselli hassalar, prezidentiň görkezmesine laýyklykda, diňe Duşak şäherçesine gidip bejergi almaly. Olaryň keseli ýapyk görnüşe geçensoň bolsa, maşgala lukmanynyň gözegçiliginde öz öýünde bejergi almaly. DOTS programmasyna laýyklykda ýapyk görnüşindäki inçekesellileriň hassahana ýerleşdirilmeginiň zerurlygy ýok.

Ine, şunuň ýaly bulaşyk ýagdaýlar täze açylan Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziniň lukmanlaryny kyn ýagdaýa salýar. Olar hassahana nähili hassalary ýerleşdirmelidigi baradaky meseläni çözmekde juda kösenýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG