Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB, Türkmenistan we adam hukuklary



Geçen hepde Ýewropa Parlamentiniň deputatlaryndan ybarat ýörite delegasiýa Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda boýun alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine baha bermek maksady bilen Aşgabada bardy.

Bu wakadan dogry bir hepde öň bolsa, 20-nji aprelde Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde Türkmenistandaky adam hukuklary bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylyp ýörite maslahat geçirildi.

Bu maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gol çekmekligi göz öňünde tutýan Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygynyň deslapky şertleriniň Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilip-ýetirilmeýändigine baha bermek maksady bilen gurnaldy.

Maslahat örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Hususan-da, maslahata gatnaşan Ýewroparlamentiň deputatlary we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk baglaşylmalymy we şeýle ylalaşygyň baglaşylmagy üçin Türkmenistanyň öňünde nähili talaplar goýulmaly diýen meseleler boýunça dürli garaýyşlary orta atdylar.

Şu temadan taýýarlanylan we geçen hepde efire giden ýörite "Adam hukuklary" programmamyzy diňlemek üçin aşakdäky düwmä basyň:

ÝB, Türkmenistan we adam hukuklary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle


Gollandiýada ýerleşýän “Türkmen graždan demokratik bileleşiginiň” başlygy Wýaçeslaw Mammedowyň deňlenişikdäki çykyşyndan bölekler (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:37 0:00
Ýükle


Awstriýada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň deňlenişikdäki çykyşyndan bölekler (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00
Ýükle


Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasynyň wekili Weronika Szente Goldstonyň deňlenişikdäki çykyşyndan bölekler (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:35 0:00
Ýükle


Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy, Parlamentiň Finlandiýadan agzasy Heýdi Hautalanyň deňlenişikdäki çykyşyndan bölekler (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:56 0:00
Ýükle


Ýewropa Parlamentiniň Portugaliýadan agzasy Ana Gomeşiň deňlenişikdäki çykyşyndan bölek (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00
Ýükle


Ýewropa Parlamentiniň Estoniýadan agzasy Tunne Kelamyň deňlenişikdäki çykyşyndan bölek (20-nji aprel, Brýussel):
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00
Ýükle


Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň Aşgabada eden sapary barada Ýewroparlamentiň wekili bilen geçirilen söhbetdeşlik şu hepdäniň dowamynda dykgatyňyza ýetiriler.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG