Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwanyň delegasiýasy Aşgabatda duşuşyk geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Litwanyň hökümet delegasiýasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy.

Litwanyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän bu ýurduň Aşgabatdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kýastutis Kudzmanas öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryny köptaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şeýle hem, ol Litwanyň Türkmenistandaky käbir iri proýektleri amala aşyrmaga gatnaşmaga-da taýýardygyny aýtdy.

Litwa Respublikasynyň hökümet delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG