Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Taliban” zamun alnan kanadalynyň wideo ýazgysyny ýaýratdy


Şu gün Owganystandaky “Taliban” söweşijileri ýakynda Owganystanda zamun alnan kanadaly raýatyň wideo ýazgysyny internet arkaly ýaýratdylar.

“Taliban” söweşijileri Kanadanyň raýaty, 26 ýaşly Kolin Ruserfordyň ýakynda ýurduň Gazni şäherinde ele salnandygyny we onuň içalyçylyk etmekde aýyplanýandygyny aýdýarlar.

Şeýle hem bu wideo ýazgyda talyp söweşijileri Kanadanyň bu raýatyna öz sudlary arkaly sud etjekdiklerini mälim edipdirler.
XS
SM
MD
LG