Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nasist sakçysy Demýanýuk azatlyga goýberildi


Nasistik lagerde sakçy bolup işlän, şeýle-de 27,900 ýewreýiň öldürilmegine hemaýat beren Jon Demýanýugyň tussaglyga höküm edilmegine garamazdan, Germaniýanyň sudy ony azatlyga goýbermek boýunça höküm çykardy.

Demjanjuk nasistleriň “Sobibor” atly ölüm lagerinde ýewreýleri öldürmäge kömek berendigi üçin bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma onuň gaýdyşan ýaşy onuň azatlyga goýberilmegine sebäp boldy. Häzir Demýanýuk 91 ýaşynda.

Ýarym ýyllap dowam eden bu sud diňlenişigi geçen 2-nji Jahan urşunda bolup geçen nasistik jenaýatlar bilen bagly seredilýan sud işleriniň ahyrkylarynyň biridir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG