Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň üç resmisiniň tussag edilmegine order çykarylar


Şu gün Hagadaky Halkara sudunyň sülçüsi Luis Moreno-Okampo şu geljek hepdäniň duşenbe güni Liwiýanyň ýokary derejeli resmilerinden üçüsiniň tussag edilmegi barada order çykarmaklygy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.

Onuň bu barada ýaýradan beýanatynda Liwiýada şu ýylyň fewralynda halk gozgalaňlary başlanaly bäri ynsanýete garşy edilen agyr jenaýatçylyklar üçin, esasan, şu üç resminiň jogapkärçilik çekýändigi aýdylýar.

Ýöne sülçi Luis Moreno-Okamponyň bu beýanatynda häzirlikçe bu gürrüňi edilýän resmileriň anyk kimlerdikleri barada maglumat berilmeýär.

Ýakynda, 26-njy fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýadaky gan döküşikli wakalar boýunça karar çykarmak meselesini Halkara sudunyň garamagyna geçiripdi.

Halkara sudunyň sülçüsi Luis Moreno-Okamponyň Liwiýanyň resmilerine garşy çykarjak orderini kabul edip-etmezlik meselesi suduň sudýalarynyň kararyna bagly bolar.
XS
SM
MD
LG