Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda raýat hukuklary boýunça seminar geçirildi


Duşenbe güni Aşgabatda raýat we administratiw hukuklaryna bagyşlanylyp ýörite seminar geçirildi.

Bu seminar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli instituty hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyklary boýunça regional proýekti tarapyndan gurnaldy.

Oňa Türkmenistanyň Graždan Kodeksiniň üstünde işleýän işewür toparyň agzalarynyň, şeýle hem ýurduň Ýokary sudunyň we käbir beýleki hukuk goraýjy organlarynyň wekilleriniň gatnaşandyklary habar berilýär.

Adam hukuklaryny goraýjy käbir aktiwistler Türkmenistanda raýatlaryň hukuklaryna bagyşlanylyp geçirilýän şular ýaly seminarlaryň netijeleriniň gündelik durmuşda kän bir göze ilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG