Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saif al-Adel “Al-Kaýda” terror toparynyň başyna geçdi


“Al-Kaýda” terror toparynyň geçiji başlygy hökmünde müsürli söweşiji Saif al-Adeliň bellenendigi barada maglumat ýaýrady.

“Al-Kaýdanyň” esaslandyryjysy we baştutany Osama bin Laden 2-nji maýda Pakistanda öldürlenden soň, bu topar ýolbaşçysyz galypdy.

Müsüriň ýörite güýçleriniň ozalky polkownigi Al-Adel 1980-nji ýyllarda Owganystandaky söweşlere hem gatnaşypdy.

Muhammad Ibrahim Makkawi ady bilen hem tanalýan Al-Adeliň 2001-nji ýylda Eýrana barandygy we onuň şol ýerde dokuz ýyl öý tussaglygynda saklanandygy barada hem aýdylypdy. Şondan soňra ol “Al-Kaýdanyň” Pakistandaky operasiýalaryna gatnaşmak üçin şol ýere barypdyr.

Birleşen Ştatlar Al-Adeli 1998-nji ýylda Amerikanyň Afrikadaky ilçihanalarynyň partladylmagyna gatnaşanlykda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG