Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystandaky protestlerde azyndan 10 adam öldi


Owganystanda NATO-nyň hüjümleri sebäpli iki erkek adamyň we iki aýal maşgalanyň öldürilmegine garşy şu gün gazaply protestler geçiriýär.

Bu protestlerde azyndan 10 adamyň ölendigi we 50-ä golaýynyň ýaralanadygy hem habar berilýär.

Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, NATO-nyň öten agşam amala aşyran hüjüminde ölen adamlaryň dördüsi-de parahat ýaşaýjy bolmaly.

NATO-nyň bellemegine görä, şol adamlar ýaragly söweşijiler bolup, olar esgerlere garşy hüjüm etmäge synanyşypdyrlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG