Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri aktiwisti iki ýyl azatlykdan mahrum edildi


Bagtyýar Hajyýew
Bagtyýar Hajyýew
Azerbaýjanly ýaş syýasy aktiwist iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol “Facebook” arkaly hökümete garşy protestlere çagyrypdy.

Genji şäheriniň sudy Bagtyýar Hajyýewi "harby gullukdan ýüz öwürendigi üçin" azatlykdan mahrum etdi.

29 ýaşly Bagtyýar: “Siz bu hökümiňiziň syýasy äheňli däldigini görkezip bilýärsiňiz. Onda-da men siziň adalatly karardan ýüz öwürjekdigiňizi bilýärin” diýip, suduň jaýynda aýtdy.

Hajyýewiň aklawçysy suda apelýasiýa berjekdigini mälim etdi.

“Bu Sowet diktatory Iodef Staliniň 1937-nji ýylda göz üçin geçiren sudlaryna meňzeş boldy” diýip, Bagtyýar Hajyýewiň ejesi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Garward uniwersitetiniň uçurymy we azeri parlamentine öňki kandidat Bagtyýar Hajyýew 4-nji martda tussag edilipdi.

Oppozisiýadaky Musawat partiýasynyň lideri Isa Gambar Bagtyýar Hajyýewiň azatlykdan mahrum edilmegini ýazgardy.
XS
SM
MD
LG