Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Somaliýanyň üç raýatyna aýyplama bildirdi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Wirjiniýa ştatynyň sudy Somaliýanyň üç sany raýatyna Somaliýanyň kenar ýakalarynda bir ýahtany alyp gaçmakda we dört sany amerikan raýatynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplama bildirdi.

Bu gürrüňi edilýän şu ýylyň fewral aýynda bolupdy. Şol wakanyň yzy bilen geçirilen ýörite operasiýada amerikan harby güýçleri somaliýaly 13 adamy hem-de ýemenli 1 adamy tussag edip, Birleşen Ştatlara getiripdiler.

Bu gürrüňi edilýän adamlar häzirki bildirilýän jenaýatçylykda günäli tapylan halatynda, olara ömürlik türme tussaglygy berler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG