Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň paýtagtynda uly partlamalar eşidildi


NATO-nyň howa zarbalaryny dowam etdirmegi bilen Tripoliniň ýokarsynda ullakan partlamalaryň sesi eşidildi.

24 sagat çemesi mundan ozal urlan agyr zarbalardan soň hem Tripolä täze howa zarbalary uruldy.

Liwiýanyň döwlet telewideniesi şol zarbalardan ölen adamlaryň sanynyň 19-a ýetendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Muammar Kaddafiniň «gutulgusyz» häkimiýetden çetleşdiriljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG