Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň asmanyndaky kül-tozan birneme azalýar


Şu gün Ýewropanyň howa gatnawlaryna gözegçilik edýän assosiasiýasy Islandiýadaky wulkanyň güýjüniň birneme peselmegi bilen, asmandaky kül-tozanyň hem indi birneme azalandygyny habar berdi.

Emma, şeýle-de bolsa, Ýewropanyň howa agentlikleri heniz bar bolan kül-tozanlar sebäpli şu gün hem 700 töweregi uçaryň uçuşynyň togtadyljakdygyny mälim etdiler.

Ýöne ertirden başlap howa gatnawlary has ýygjamlaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG