Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sadrçylar amerikan goşunlarynyň ýurdy terk etmegine çagyrýar


Şaýy ruhanysy Muktada al-Sadra eýerijileriň on müňlerçesi Bagdada ýygnanyp, Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň ýurdy terk etmegine çagyrdy.

Yrakda galan 46 müň amerikan esgeri, ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy esasynda, şu ýylyň aýagyna ýurtdan çykmaly.

Emma premýer-ministr Nury al-Maliki syýasy liderleriň goşunlaryň belli bir böleginiň ýerli goşunlary goldamak hem olara tälim bermek üçin 2011-nji ýyldan soň hem ýurtda galmagy barada maslahat etmegine çagyrdy.
XS
SM
MD
LG