Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mladiçiň ogly kakasynyň agyr nähoşdugyny aýdýar


Penşenbe güni Serbiýada tussag edilen Radko Mladiçiň ogly öz kakasynyň häkimiýetlerden gizlenýän döwründe iki gezek beýni insultyny başdan geçirendigini we häzirki wagt agyr nähoşdugyny mälim etdi.

Radko Mladiçiň ogly Darko Mladiç öz kakasynyň başdan geçiren beýni insultyndan soň onuň sag eliniň ysmaz bolandygyny we zordan gürleýändigini aýdýar.

BMG-niň Haagadaky halkara sudy Bosniýada ozalky serb güýçlerine ýolbaşçylyk eden Radko Mladiçi 1992-1995-nji ýyllaryň Bosniýa urşunda uruş jenaýatçylygyny amala aşyranlykda we ynsanýete garşy jenaýat edenlikde aýyplaýar.

Ol 1995-nji ýyldan bäri häkimiýetlerden gizlenip gezipdi. Serbiýanyň häkimiýetleri onuň ýakyn wagtlarda Haaganyň suduna tabşyryljakdygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG