Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Pakistan bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklarynyň «öwrülişikli derejä» ýetendigini aýtdy.
Yslamabatda Pakistanyň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany gurnalan metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda ol iki ýurduň terrorizme garşy göreşde ýakyn hyzmatdaşlyk etmekleriniň zerurdygyny hem nygtady.
«Birleşen Ştatlar bilen Pakistan indi uzak wagtdan bäri dostlukly gatnaşyk saklap gelýär. Biziň gatnaşyklarymyz özara hormata we özara bähbide esaslanýan gatnaşyklar. Ýöne meniň häzirki saparym aýratyn möhüm sapar boldy, sebäbi biziň gepleşiklerimiz öwrülişikli derejä ýetdi» diýip, Klinton belledi.
Şu aýyň başynda «Al-Kaýdanyň» lideri Osama bin Ladeniň Pakistanda öldürleli bäri Hillari Klintonyň Pakistana edýän häzirki sapary ýokary derejeli sapar hökmünde alamatlandy.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!