Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nalyş


Rus şahyry Bulat Okudjawa (çepde) we türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň Galamdaşlar klubynyň duşuşygynda, Stokgolm.
Rus şahyry Bulat Okudjawa (çepde) we türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň Galamdaşlar klubynyň duşuşygynda, Stokgolm.
Bulat Okudjawa

Heniz Ýer aýlanyp durka,
jahan heniz ýagtyka –
Taňrym, ber sen her kime
onuň ýetmeýän zadyn.
Akylla sen kelle ber,
züwwetdine at ber sen,
Pul eçil bagtly kişä...
Menem çykarma ýatdan.

Heniz Ýer aýlanyp durka,
Taňrym, bar zat eliňde –
Häkimýete dyzaýany
hökümdar et doýynça.
Iň bolmanda gün ýaşynça
jomart kişä dem-dynç ber,
Haýyna ber ökünç-toba...
Menem çykarma ýatdan.

Başarmaýan zadyň ýok,
uýýan parasadyňa,
Öli esgeriň Jennetde
ýaşaýanna uýşy dek.
Ynanşy deý her gulagyň
seň asuda gepiňe,
Bilmen näme edýänmizi
uýşumyz dek biziňem.

Eý, Ýaradan, Hudaý,
mawygöz Taňrym,
Heniz Ýer aýlanyp durka
özi şoňa geň galyp,
Heniz wagty bilen ody
ýeterlikke Zeminiň –
Ber her kime bir azajyk...
Menem çykarma ýatdan.

Rusçadan terjime eden: Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
XS
SM
MD
LG