Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýadaky atom stansiýalarynyň hemmesi ýapylar


Şu gün Germaniýanyň parlamentindäki dolandyryjy koalisiýa ýurtdaky ýadro elektrik stansiýalarynyň hemmesini 2022-nji ýyla çenli ýapmak barada karar kabul etdi.

Mart aýynda Ýaponiýada ýüz beren sunamide «Fukusimo» atom stansiýasynda dörän partlamalardan soň, Germaniýanyň syýasy we jemgyýetçilik guramalary ýurtda ýadro energiýasynyň ulanmagyna garşy kampaniýalary ýola goýupdylar.

Şeýlelikde, senagat taýdan ösen döwletleriň arasynda Germaniýa ýadro energiýasyndan doly ýüz öwren ilkinji döwlet bolar.
XS
SM
MD
LG