Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň baştutany Türkmenistana sapara barar


Şu hepde ÝHHG-nyň häzirki baştutany, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis Özbegistana we Türkmenistana sapara barar.

1-nji iýunda Ozbegistana, 2-nji iýunda-da Türkmenistana etjek saparynyň barşynda Audronius Azubalis Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

ÝHHG-nyň bu barada ýaýradan resmi beýanatynda jenap Azubalisiň Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri, parlamentiniň ýolbaşçylary, şeýle hem bu ýurtlardaky syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen-de duşuşjakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG