Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zumanyň Kaddafi bilen geçiren gepleşikleri şowsuz tamamlandy


Duşenbe güni Günorta Afrika Respublikasynyň prezidenti Jeýkob Zumanyň Liwiýanyň awtoritar lideri Muammar Kaddafi bilen ýurtdaky konfliktleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ugrunda geçiren gepleşikleri şowsuz tamamlandy.

Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşi bu gepleşiklerden soň Muammar Kaddafiniň öz wezipesinden gitmek islemeýändigini aýdyp, onuň bilen barlyşykly gepleşikleriň bolmajakdygyny mälim etdi.

Bu wakanyň yzy bilen NATO güýçleriniň öten agşam ýene-de nobatdaky gezek paýtagt Tripolide Muammar Kaddafiniň hökümet binalaryna garşy howa hüjümlerini geçirendikleri barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG